Enä tagzym-mukaddeslige tagzym
452025-nji ýylyň mart aýynyň 17-sine Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ,,Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” kitaby barada söhbetdeşlik agşamy geçirildi.
Agşama Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýnyň terbiýeçisi Tagandurdyýewa Ş. Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň akuşerçilik we ginekologiýa dersiniň mugallymy Begliýewa S. S. we umumy ýaşaýyş jaýynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Tagandurdyýewa Ş Gahryman Arkadagymyzyň ,,Enä tagzym – mukaddeslige tagzym.” kitaby ýaş nesli ýokary ruhda terbiýelemekde tutýan orny örän ulydyr, bu kitap biziň üçin paýhas ummanydyr, halkymyz mährem enelerimize, milli terbiýä üns berip, ata -babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy hemişe aýap gelipdirler, her bir edem-gylym, adat-dessur halkymyzyň asylly däplerinden ugur alýar, medeni mirasymyz biziň şu günki kämil ruhy dünýämiziň hamyr maýasydyr. Enä bolan egsilmez söýgi hakda sözlemek, islendik ýaşdaky ynsan üçin ýakymlydyr. Ene hakdaky umman ýaly giň düşünjäni özünde jemleýän Gahryman Arkadagymyzyň ,,Enä tagzym – mukaddeslige tagzym.” kitabynyň her bir setiri ene dünýäsiniň täsinliklerine beslenendir diýip çykyş etdi.
Mugallym Begliýewa S Eneleriň tebigatynda ata-babalarymyzyň we ene-mamalarymyzyň ýörelgeleriniň jemlenendigini biz hormatly Gahryman Arkadagymyzyň ,,Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” kitabyny okap, çuň göz ýetirýäris. Milli däp-dessurlary bilen maşgala mertebesini taryhyň çuňlyklaryndan alyp gaýdýan türkmen halky, ene mukaddesligini ojak mukaddesligi saýýar. Türkmen ojagynyň ýylysy, mähri, türkmen öýüniň eýesi hasaplanýan enäniň asylly häsiýetleri bilen bir hatarda, işeňňirligi barada durup geçdi.
Geçirilen çäräniň ahyrynda mugallymlar we talyp ýaşlarymyz Türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadyp, zenan mertebesini arşa göterýän, olaryň çekýän zähmetine, çuňňur hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günümiziň abadan durmuşy üçin alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Şemşat TAGANDURDYÝEWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk
orta okuw mekdebiniň terbiýeçisi