Gahryman Arkadagymyzyň ,,Hakyda göwheri” kitabynyň taryha syýahat bölümi boýunça söhbetdeşlik agşamy
362025-nji ýylyň mart aýynyň 14-ne Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýnda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ,,Hakyda göwheri” kitabynyň taryha syýahat bölümi boýunça söhbetdeşlik agşamy geçirildi.
Agşama Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçisi Tagandurdyýewa Ş. Mekdebiň zenanlar guramasynyň başlygy Joşowa Ý.B. Mekdebiň akuşerçilik işi dersiniň mugallymy Allanazarowa G.P. hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Tagandurdyýewa Ş. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza ruhy serpaý her birimiziň aň-düşünjämize täze pikirleri açýan, her bir türkmeniň kalbynda ter duýgulary oýarýan “Hakyda göwher”atly taryhy, filosofik bolan ajaýyp eseri Alym Arkadagymyzyň belent paýhasyna mahsus pikir hümmeti taryha täzeden jan berýän, ajaýyp eser barada buýsançly çykyşyny etdi.
Mugallymlar Joşowa Ý., Allanazarowa G. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitaby iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda, ikinji babynda ruhy-medeni mirasymyzyň köp öwüşginli gymmatlyklary hakynda söz açylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseriniň neşir edilmegi bütin türkmen halkynyň ýürekleri şatlykdan doly diýýän guwançly buýsançly sözleri bilen çykyşlaryny etdiler
Ýazgül JOŞOWA.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
zenanlar guramasynyň ýolbaşçysy