Nowruz geldi ilime
322025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz eziz diýarymyzda Milli bahar baýramy bolan - Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar bilen garşy alýar. Özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy Nowruz baýramy ýurdumyzyň ähli ýerinde aýdym sazyň şirin owazyna beslenip, dabaraly ýagdaýda bellenilýär.
Şonuň ýaly-da Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli mugallymlaryň gatnaşmagynda çeper höwesjeň talyplaryň taýýarlamagynda “Nowruz geldi ilime” atly sergi gurnaldy. Sergide Nowruz baýramynyň däp-dessurlary, türkmen halkynyň milliligi aýdyň görkezildi. Sergä mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary uly höwes bilen işjeň ýagdaýda gatnaşdylar.
Gyzlargül GALANDAROWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy