“Sagdyn jemgyýet- sagdyn durmuş
292025-nji ýylyň mart aýynyň 27-sine Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda talyp ýaşlaryň arasynda “Sagdyn jemgyýet- sagdyn durmuş.” atly terbiýeçilik ähmiýetli söhbetdeşlik agşamy geçirildi.
Agşama Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçisi Tagandurdyýewa Ş. A. we mekdebiň mugallymlary
Begliýewa S. S., Ilamanowa G. M., Gazakowa Ç.M. hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Tagandurdyýewa Ş beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýazan goşgulary ýaş nesliň ýokary ruhda terbiýelemekde tutýan orny örän ulydygyny aýdyp, Hormatly Arkadagymyzyň ,,Paýhas çeşmesi” kitabynyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti, pähim paýhasyň, atalar sözüniň gymmatynyň, Watanymyzyň beýik geljegimiziň röwşen ýolunda ruhy güýç bolup durýandygyny açyp görkezýär diýmek bilen terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlary etdi.
Mugallymlar Begliýewa S, Ilamanowa G, Gazakowa Ç sagdyn durmuş, sagdyn ýaşamak şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwlet geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir. Iň esasy zat hem, zyýanly endiklerden daşda durmak, öz söýýän käriňde höwesli işlemek, okamak, döretmek, gözelliklere guwanmak, sport – bedenterbiýe bilen meşgullanmak, işdäki, öýdäki asudalygy bir ýere jemläp aýdanymyzda sagdyn durmuş döredýär. Saglyk-baş baýlyk. Her birimiziň sagdynlygymyz-jemgyýetiň sagdynlygydyr. Jemgyýetimiziň sagdynlygy bolsa döwletimiziň abadanlygy diýýän ajaýyp sözler bilen çykyşlaryny etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda yglan edilen sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek üçin amala aşyrmaly meýilnamanyň esasy maksady ýurdumyzda sportyň we bedenterbiýäniň kömegi bilen halkyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesliň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek ýaly wajyp meselelerden ybaratdyr. Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepili diýip, il-halkynyň bagtyýarlygy, asudalygy, sagdynlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il- ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin diýip, özleriniň hoşallygyny bildirdiler.
Şemşat TAGANDURDYÝEWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk
orta okuw mekdebiniň terbiýeçisi