Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz

61
         Kitaplar döwrüň taryhyny, halkyň durmuşyny we ruhuny özünde jemleýän bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň: “Kitap okan gullar magnydan dokdur”diýip belleýşi ýaly, kitap dünýäni açyp görkezýän, ynsanyň gözýetimini giňeldýän we ruhuny baýlaşdyrýan mizemez mirasdyr. 
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýly günlerindäki halkara ähmiýetli taryhy waka -BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde hereket edýän “Miras” gurnagy we mekdebiň ýaş alymlar geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasyna syýahat edildi.  Bu syýahat talyp ýaşlarymyzyň gatnaşmagynda kitaba bolan söýgini has hem ösdürmek, ata-babalarymyzyň kitaba, ylma bolan beýik söýgüsini düşündirmek, edep-terbiýäni wagyz etmek maksady bilen hem-de “Döwletimiziň Bitaraplygyny wasp edýän” kitaplary okamak üçin guraldy. Talyp ýaşlarymyzdyr mugallymlarymyz kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny uly gyzyklanma bilen okadylar. Özüňi kämilleşdirmek üçin iň möhüm ýollaryň biri kitap okamakdyr. Kitap okamak bize dünýäni başgaça düşünmäge kömek edýär. Türkmen halkynyň döreden nakyllarynda:”Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap okaýanyň ruhy baý”, “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora”, “Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana” diýen paýhaslar bar. Şonuň üçin kitap okamagyň ynsana näderejede peýdalydygyna düşünmek möhümdir. Kitap okalan wagtynda ünsüňi bir ýerde jemlemek we ýazylan zatlara takyk düşünmek möhüm bolup durýar. Kitap okyjyny öz dünýäsinden çykaryp , täze we täsin bir dünýä alyp gidýär hem-de adamyň kynçylyklardan dogry baş alyp çykmagyna kömek edýär. Kitap adamda  dostluk, söýgi, ýagşylyk, umyt ýaly gowy duýgulary ösdürip, jemgyýetde has gowy gatnaşyklary kemala getirmäge mümkinçilikler berýär. 
   Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Okamak, ýazmak,döretmek-maşgalamyza mahsus häsiýetleriň biri. Bular bize berlen terbiýäniň esasyny düzýän aýratynlyklar. “Okamak-bereket, ýazmak-kuwwat, döretmek döwletdir” diýerdiler. Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmegini artdyrýar” diýip belleýär. Diýmek, kitap okamak ynsana ruhyny baýlaşdyrýar we ony beýgeldýär. Ýaşlarda okamak endigini kemala getirmek, ylmy edebiýatlar hakynda düşündirmek mugallymlaryň we kitaphana işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi. Talyp ýaşlarymyz elektron kitaphanalardan peýdalanyp, köp maglumatlary özleşdirip bilýärler. Mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary bu ajaýyp syýahat üçin buýsançlaryny beýan etdiler. Okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Gahryman  Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ruhy hazynamyz bolan kitaplara goýýan sarpalary üçin köp-köp sagbolsun aýdýarys we minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Güljahan ILAMANOWA 
                      Gurbansoltan eje adyndaky
                                                            Daşoguz lukmançylyk orta
okuw mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19