Bütindünýä saglyk güni

30
   Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu halkara abraýly gurama tarapyndan milli saglyk ulgamynda gazanylýan üstünliklere ýokary baha berilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň saglyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň kepilidir.
     Birleşen Milletler Guramasynyň düzümindäki Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde esaslandyrylýar.Türkmenistan bu gurama  1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda agzalyga kabul edildi.
     Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esasy maksady ähli dünýä halklarynyň sagdyn ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdyr. Bütindünýä saglyk güninde-de Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň saglygyny goramagyň möhüm wezipelerini durmuşa geçirmegiň meselelerine uly ähmiýet berilýär. Gurama her ýylyň 7-nji aprelinde dünýäde ynsanlaryň umumy saglyk ýagdaýy, saglygy goraýyşyň şertleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrylýar.Maglumatda dünýä boýunça çagalaryň saglygy, ýokanç däl keseller,psihiki saglyk we daşky gurşaw, saglygy goraýyş ulgamynyň  üstünlikleri ýaly ugurlar boýunça giňişleýin bellenilýär. Guramanyň baş maksady adamlaryň saglygyny goramak baradaky tagallalary goldamak, bu babatda özara tejribe alyşmagy ýola goýmak ýaly möhüm ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär.

Gyzlargül GALANDAROWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz 
Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19