Sport – üstünligiň çeşmesi we sagdyn durmuş ýörelgesidir!
67Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi, ýurdumyzda parahatçylygyň, dost – doganlygyň, birek – birege sylag – hormatyň, ynanyşmagyň has – da berkemeginde bolsa bedenterbiýäniň we sportuň orny diýseň uludyr. Ýaşlaryň arasynda watansöýüjilik sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe – sagaldyş hereketini ösdürmek maksady bilen, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň estafeta ylgaw, futbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp oglan, gyzlary baýrakly orunlara mynasyp bolup ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Şöhrat ZAKIRJANOW
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
bedenterbiýe mugallymy