Adyň dillerde dessan-Bitarap Türkmenistan

76
   2025-nji ýylyň aprel  aýynyň 09-yna Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda talyp ýaşlaryň arasynda “Adyň dillerde dessan-Bitarap Türkmenistan.” atly Watany wasp edýän terbiýeçilik ähmiýetli goşgular, çeper okaýyşlar, bilen talyplaryň çykyşlary gurnaldy.
  Agşama Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy  ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçisi Tagandurdyýewa Ş. A, mekdebiň Zenanlar guramasynyň başlygy Joşowa Ý.B,  mekdebiň Ýaşlar guramasynyň başlygy Aşyrow T. B hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. 
 Mugallymlar  Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç , çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemeklige, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän  “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, çykyşlary etdiler.
     Talyp ýaşlarymyz öz çykyşlarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty astynda merdana türkmen halky her gününi täze üstünlilere we ýeňişlere besleýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasynda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň düýp manysyny we ähmiýetini talyp ýaşlara düşündirmek olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini şertlendirýär. Ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipe bolup öňe saýlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, döredijilikli işlemekleri, bagtyýar ýaşamaklary ugrunda edýän taýsyz aladalary we bu babatda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ýaş nesliň Watanymyza bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özümiz barada edilýän her bir aladany ýürekden duýmak, ata Watanymyza, il-halkymyza hyzmat etmek bagtyna eýe bolmak biz-ýaşlar üçin örän buýsançly. Bizi şeýle bagtly günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun diýip tüýs ýürekden joşguna beslenen mähirli arzuwlaryny etdiler.
Şemşat TAGANDURDYÝEWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz 
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 
umumy  ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçisi

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19