Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

56

Häzirki ajaýyp döwürde sagdyn durmuş ýörelgesi ösdürilýär, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sport mekdepleri, stadionlar we beýleki medeni desgalar döwrebap häsiýete eýe bolup, bu ýerde ýaşlar sport bilen meşgullanýarlar. Bu bolsa ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, kämil ynsanlar bolup kemala gelmegi üçin döwrebap mümkinçiliklerdir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen sporty we bedenterbiýäni ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Bu halkymyzyň jan saglygyny berkitmekde, sagdyn nesli kemala getirmekde, ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly işe sarp etmekde uly ähmiýete eýe boldy. Hut şonuň üçin hem halkymyz sport we bedenterbiýäniň ösdürilmegini tüýs ýürekden goldaýarlar.

Ýurdumyzda sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Şunda ençeme maşgalalara sagdynlygy, bagtyýarlygy bagyş edilendigini hem bellesek buýsançly kalbymyz nurlanýar. Çagalaryň saglygyny goramak, olaryň sagdyn ösmegini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şol işleriň hatarynda eneligi we çagalygy goramak, keselleriň öňüni almak, keselleri bejermek üçin operasiýalary üstünlikli amala aşyrmak aýratyn bellemäge mynasypdyr. Maşgalalaryň berkligi, olaryň abadançylygy, eneleriň hem çagalaryň sagdynlygy ýurdumyzyň baş baýlygydyr. Bu ugurda ýurdumyzda oňyn işler durmuşa geçirilýär.

Ogulgözel AMANOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/11/articles/189646
Mugallymlar gazeti, 16.04.2025ý.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19