SPORT — BAGTYÝARLYK

53
Sport — bu sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we gözelligiň çeşmesidir. Çünki sport işjeňligini durmuş ýörelgesine öwren ynsanlaryň ukusynyň rahat, iýmit siňdiriş ulgamynyň we sagdynlygynyň kadaly bolýandygy ylymda hem-de tejribede subut edildi.
Sport bilen meşgullanýan, beden terbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirýän ynsanyň durmuşynda ruhubelentlik, zähmetinde işjeňlik, netijelilik aýdyň  duýulýar. Sport işjeňligi durmuşda duş gelýän köp sanly ruhy we fiziki dartgynlylyklary aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek edýär. Şeýle hem bedenterbiýe maşklary adamyň myşsalaryny ösdürýär, gan aýlanyş  ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Bedeniň işe ukyplylygy hem gönüden-göni saglyk, ruhubelentlik bilen baglanyşyklydyr. Sport akyl we fiziki zähmet çekýänleriň ikisi üçin hem peýdalydyr. 
Bedenterbiýe bilen her gün azyndan bir sagat meşgullanmak artykmaç agramyň, ukusyzlygyň, nerw dartgynlylygynyň aýrylmagyna ýardam berýär. 

Güljemal EMINOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz 
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19