«Toý gününde bedew atlar çapylar»
131Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli şeýle at bilen Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň “Miras” gurnagynyň we mekdebiň ýaş alymlar geňeşiniň agzalary bilen bilelikde türkmen bedewiniň ýyndamlygyny, gözelligini synlamak, duýmak üçin Daşoguz atçylyk sport toplumyna gezelenç gurnaldy. Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň milli mirasy, däp-dessurlary onuň nesilden-nesle geçip gelýän gymmatlyklary halkyň özboluşlylygyny, milliligini şöhlelendirýär. Pederlerimiz gadymdan gelýän milli we medeni gymmatlyklaryny gözleriniň göreji deýin gorap, nesillerimize geçirmek ugrunda uly aladalar edipdirler. Türkmen halysy, keçesi, ahalteke bedewi, saryja goýny, arwana düýesi, alabaýy, nepis şaý-sepleri, ketenisi, gyrmyzy dony, silkme telpegi, dutardyr gyjagy-bular diňe türkmeniňki diýdirip duran milli gymmatlyklar. Şunda bedewlerimiziň adamzadyň ýakyn syrdaşy hökmünde taryha girmeginde uly many bar. Ata-babalarymyz behişdi bedewleri nesillerine miras goýupdyrlar. Uly iliň ýagşysyna ýaran, il üçin janyny orta goýan asylly gerçekler bolsa ykbalyny bedewinden üzňe tutmandyrlar.
Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde türkmen bedewleriniň şan-şöhraty bütin jahana ýaň salýar, sarpasy has-da belende göterilýär. Ahalteke bedewi türkmeniň uçar ganaty, syrdaşy hasaplanýar. Türkmeniň atçylyk sungaty müňlerçe ýyllaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň kämilleşmegine, bütin dünýä at-owazasynyň ýaýramagyna we biziň günlerimize gelip ýetmegine ýardam edipdir. Ahalteke atlary dünýäde iň gadymy tohum aty bolup durýar.
Her güni ruhubelentlikde garşylaýan bagtyýar halkymyzyň toýlary yzygider gelýär. Şol baýramlaryň hatarynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýelşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy agzybirlikde, ýokary guramaçylyk ýagdaýynda bellenilip geçilýär. Bu baýramyň döwlet derejesinde şatlyk-şowhuna beslenip bellenmegi bedewlere uly hormat goýulýandygynyň subutnamasydyr.
Ahalteke bedewlerimiz Watanymyzyň şan-şöhratydyr. Mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary bu ajaýyp syýahat üçin buýsançlaryny beýan etdiler. Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň üstünlikleri her bir raýatymyzy buýsandyrýar we täze belentliklere ruhlandyrýar.
Güljahan ILAMANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
mugallymy