Watançylygyň we borja wepalylygyň belent nusgasy
101Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar.
2025-nji ýylyň 7-nji maýynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Zenanlar guramasynyň, ”Miras” gurnagynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleriň meýilnamasy esasynda “Köňülde bossanym, dilde dessanym, Bitarap Watanym Türkmenistanym” atly dabaraly çäre we el işleriniň sergisi gurnaldy. Çärede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň düýp manysyny, taryhyny we häzirki zaman ähmiýetini görkezýän kitaplar hem-de medeni-taryhy eserler ýygyndysy, suratlar görkezildi.
Bu dabaraly çärede “Gahrymanlaryň göreldesi-ýaşlaryň ýörelgesi” diýen tema boýunça mekdebiň mugallymlary G.Ilamanowa, Ý.Joşowa, J.Wellekowa, A.Atakulyýewa, Ş.Tagandurdyýewa dagylar çykyş etdiler. Merdana halkymyzyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşinde mynasyp goşant goşandygy barada, Beýik Watançylyk urşunyň ýüreklere salan yzasy barada mekdebiň mugallymlary özleriniň çykyşlarynda beýan etdiler. Çärede talyp ýaşlar rus, iňlis dillerinde goşgulary hem okadylar.
1418 gün dowam eden Beýik Watançylyk urşunyň ýüreklere salan yzasyny çekmedik türkmen öýi, maşgalasy ýokdur. Arzyly Ýeňiş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde ildeşlerimiziň müňlerçesi wepat boldy. Olar öz belent milli ruhy, ýanbermez erki, mertligi we gaýduwsyzlygy bilen mähriban Watanymyzy goradylar, geljekki nesilleriň bagty üçin ölmez-ýitmezlige eýe boldular. Nesilleriň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna beýik hormaty hökmünde söweş meýdanlarynda şehit bolan ildeşlerimiziň ady «Hatyra» kitabyna, öz dogduk mekanyna sag-aman dolanyp gelenleriň ady bolsa «Şöhrat» kitabyna girizildi.
Çykyş edenler halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän, asuda asmanyň astynda şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Şemşat TAGANDURDYÝEWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçisi