64
2025-nji ýylyň 17-nji maýynda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň “Miras” gurnagynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda bagtyýardyr, erkanadyr baýdagym” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Lukmançylyk orta okuw mekdebimiziň mejlisler zalynda geçirilen bu maslahatda çykyş eden mugallymlar G.Ilamanowa, J.Wellekowa, A.Atakulyýewa, T.Amanowa, T.Satlykowa, T.Aşyrow dagylar asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, binýady berkden gurlan döwletimizde asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşaýan halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, Baş Kanunymyz Konstitusiýamyzyň we al-asmanda parlaýan ýaşyl tugumyzyň baýramçylygynyň ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde dabaraly bellenýändigi dogrusynda we bu gymmatlyklaryň türkmen halkynyň buýsanmagynda we şöhratly taryhynyň häzirki döwürde dünýäde dabaralanmagynda uly ähmiýetiniň bardygy barada aýdyp geçdiler.
Dabaraly maslahatyň dowamynda baýramçylyk mynasybetli talyplaryň arasynda yglan edilen “Parahat durmuşyň reňklere siňen gözelligi” atly surat çekmek bäsleşigi hem geçirildi we bäsleşikde baýrakly orunlary alan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler we bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar eşretli, bagtyýar, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we mähriban hem Gahryman Arkadagly Serdarymyza ýürek buýsançlaryny we alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jeren WELLEKOWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
mugallymy