Sagdyn nesil-abadan geljek
68Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletletleriniň derejesine laýyk getirmek boýunça giň göwrümli işlere, şol sanda döwrebap özgertmelere badalga berildi. Raýatlaryň saglygy tutuş jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär. Jemgyýetiň sagdynlygy bolsa kuwwatly döwletiň esasydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň we hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe Halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesiniň özenini düzýär.
2025-nji ýylyň maý aýynyň 23-nde Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2025-nji ýylyň 1-31 maýy aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasy esasynda gurnalan “Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet” atly maslahat geçirildi.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebimiziň mejlisler zalynda geçirilen bu maslahatda mekdebimiziň mugallymlary G.Ilamanowa, T.Amanowa J.Wellekowa, A.Atakulyýewa, T.Satlykowa, G.Galandarowa we Daşoguz şäheriniň Polisiýa bölüminiň PÝWB-niň KÝÝIBB-niň gözegçileri O.Muhammedowa we A.Muhadowa eden çykyşlarynda sagdyn jemgyýetde sagdyn nesil terbiýelemek, kemala getirmek üçin nesliň saglygyna ters täsir edip biljek zyýanly endikler barada, olaryň zyýanly täsirleri barada, jemgyýetçilik ýerlerde özüňi alyp barmagyň edebi barada, raýatlyk borçlary barada aýdylyp geçildi we maslahatlar berildi. Mekdebimizde geçirilen bu maslahat mugallymlara we talyp ýaşlara oňyn täsir galdyrdy.
Halkymyzyň saglygyny goramak, eşretli durmuşda sagdyn ýaşamagyny gazanmak babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Güljahan ILAMANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
mugallymy