Ynsan saglygyna melhem çeşmesi
63Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň baş maksady hökmünde kesgitlenilýär.Ylym-bilim jemgyýetiň ösüşiniň esasy sütünleridir. Ylym we bilim her bir adamyň, milletiň hem-de bütin adamzadyň durmuşynda möhüm gymmatlyklaryň biridir. Ata-babalarymyz gadym döwürlerden bäri bu gymmatlygy mukaddeslik hasaplapdyrlar. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanyp, Daşoguz welaýat kitaphanasy, mekdebimiziň “Miras” gurnagy we Ýaş alymlar geňeşi bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitaplaryndan “Ýaşyl dermanhananyň ensiklopediýasy” atly okyjylaryň maslahaty geçirildi. Bu maslahatda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň neşirleri saklamak we toplamak bölümiň kitaphanaçysy M.Bekiýewa “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri-dertleriň melhemi” , mekdebimiziň taryh mugallymy G.Ilamanowa “Türkmen topragynyň tapylgysyz baýlygy”, mekdebimiziň jemgyýetçilik ylymlary dersiniň mugallymy J.Wellekowa “Dermanlyk ösümlikleriň dünýäsinde”, rus dili mugallymy A.Atakulyýewa “Lukmançylyk ylmyny ösdürmäge uly goşant” atly temalar bilen çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserleri okyjylar köpçüligi tarapyndan yhlas bilen okalýar. Adam saglygy we abadançylygy ýurduň baş baýlygy hasaplanýan berkarar döwletimizde sagdynlyk hem ruhubelentlik durmuşyň altyn kadasyna öwrüldi. Hak nazary düşen sahawatly türkmen topragy dürli ösümliklere baý ülke hökmünde bütin dünýäde bellidir. Bereketli türkmen topragy dürli tebigy baýlyklara, ösümliklere diýseň baý. Güneşli ülkämiziň «altyn» önýän topragynda ähli derdiň dermanyny tapsa bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy bardaky ylmy işleriniň we gözlegleriniň netijesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri saglygy goraýyş işgärleriniň dünýägaraýyşlarynyň giňemegine, ynsan saglygynyň goragynda iş tejribelerini has-da artdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak maslahatçydyr. Geçirilen maslahat mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplarynda hem-de kitaphana işgärlerinde uly täsir galdyrdy.
Aýlar ATAKULYÝEWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
mugallymy