Bu ýurt biziň Watanymyzdyr!
562025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-nyna Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda talyp ýaşlaryň arasynda
“Bu ýurt biziň Watanymyzdyr!” ady bilen edebi söhbetdeşlik agşamy geçirildi.
Mekdebimiziň mugallymlary Ilamanowa G, Aşyrow T. we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Mugallymlar özleriniň çykyşlarynda: Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde giňden tanalýar. Häzirki wagtda dünýä ýüzi Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryndan ugur alyp, türkmeniň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny goldaýar. Türkmen gudraty bolup dünýä dolan hemişelik Bitaraplygymyz bu gün, adamzada ýagty gelejegiň, asuda, parahat durmuşyň aýdyň ýollarynyň şamçyragyna öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assanbleýasy tarapyndan ýörüte Kararnama bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi il-ulsumyzyň başyny göge ýetirdi. Bu biziň saýlap alan ýolumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly ykrara edilýändigini ýene bir gezek doly aýan edýär. 2025-nji ýylda ýudumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabaralar bilen bellenilip geçiljekdigi has-da buýsandyrýar. Bu şanly baýramyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen utgaşyp gelmeginde aýratyn many bar. Munyň özi üstümizdäki ýylda parahatçylygy we asudalygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda ynanyşmagy we dostlugu berkitmekde uly işleriň durmuşa geçiriljekdiginde habar berýär. Ýylyň ajaýyp jemlemesi hökmünde uludan belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bolsa Zeminiň asuda durmuşynyň şanyna tutulan uly toý bolup taryha girer. Goý, tutuş adamzadyň bagty üçin asmanymyz hemişe arassa, Zeminimiz mydama parahat bolsun!
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris diýip sözlerini jemlediler.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçisi:
Şemşat TAGANDURDYÝEWA