Bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap

81 Ajaýyp zamanamyzyň täze taryhynda altyn sahypalary açyp, Täze ýylymyz 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ýakymly duýgylary, üstünlikleri bilen ýetip geldi. Elbetde, beýik ösüşleri nazarlap bedew bady bilen öňe barýan Watanymyz bu ýyl, bu ajaýyp şygar bilen has-da dabaralanar. Çünki, her bir ynsan täze ýyly ak niýetler, ak arzuwlar, täze maksatlar bilen garşylaýar. Ine, bu ýyl bolsa şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ildeşlerimiz uly-kiçi hemme, şol sanda talyp ýaşlar baýramçylygy mynasyp sowgatlar bilen garşylamagy maksat edinýärler. Biziň Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebimizde hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ençeme işler meýilleşdirilýär. Täze “Graşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň ilkinji günlerinde Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine talyp ýaşlar bilen syýahat gurnaldy. Munuň özboluşly manysy we ähmiýeti bar. Ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýollaryny, şöhratly geçmişi bilen talyp ýaşlary ýakyndan tanyşdyrmak, Garaşsyzlygymyzyň, asudalygymyzyň, erkin ýaşaýşymyzyň gadyryna ýetmek, Garaşsyz Watanymyza söýgi, buýsanç duýgylaryny oýarmak, talyp ýaşlary watansöýüjilik ruhynda terbilemek maksady bilen geçirilen bu syýahat talyplarda uly gyzyklanma döretdi we hakydalarynda hemişelik galjak ýakymly ýatlamalara öwrüldi.
Aýjan BAÝJANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky
Daşoguz lukmançylyk orta
okuw mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19