Keselleri anyklamakda häzirkizaman innowasion tehnologiýalarynyň ulanylyşy
45 Ýürek kemisliklerini anyklamakda multisensorly fonendoskop döredildiÝürek kemislikleri gan-damar ulgamynyň keselleriniň arasynda iň ýygy duş gelýän kesel hasaplanýar we bu keselleri anyklamak birnäçe çylşyrymly barlaglary geçirmekligi talap edýär. Kembrij uniwersitediniň alymlary bolsa, ýürek gabsalarynyň kemisliklerini anyklamak üçin täze multisensorly fonendoskop döretdiler. Bu barada “New Atlas” habar berýär.
Täze elektron fonendoskopy ulanmak aňsat we ykjamdyr. Enjamda titremäni (wibrasiýany) kesgitleýän 6 sany piezoelektrik datçik bar. Päsgelçiligi basyp ýatyrýan we signaly izolýasiýa edýän, her datçigiň özbaşdak işlemegine mümkinçilik berýän silikon gatlak oturdylandyr. Ýörite algoritm signallaryň hiline hakyky wagtda baha berýär. Alnan maglumatlar, häzirki wagtda enjamy kabel arkaly kompýutere birikdirip derňelýär. Geljekde işläp düzüjiler telemedisinany goşmak bilen tehnologiýany gündelik ulanmak üçin has elýeterli bolmagy üçin Bluetooth arkaly smartfonlara birikdirmegi meýilleşdirýärler.
Ýürek infarktyny ir anyklamak üçin çip
Jon Hopkins uniwersitetinden amerikaly alymlar ýürek infarktyny gan seljermesi boýunça birnäçe minutda anyklaýan elektron testi işläp taýýarladylar. Ylmy gözleg “Advanced Science” ylmy žurnalynda neşir edildi.
Alymlaryň oýlap tapyşy nano-gurluşly üsti bolan mikroçipe esaslanýar, bu üste gan nusgasy çalynýar. Bu “meta-üst” Raman spektroskopiýa seljermesi wagtynda elektrik we magnit signallaryny güýçlendirip, infarktyň biomarkerini birnäçe sekuntda görner ýaly edýär. Hünärmenler testi öýde we gyssagly gulluklaryň işgärleri tarapyndan amatlydygyny bellediler. Alymlaryň pikiriçe, döredilen usul täze döreme we ýokanç keselleri ýüze çykarmak üçin uýgunlaşdyrylyp bilner.
Çiş kesellerini anyklaýan ruçka
Çiş kesellerini anyklaýan ruçka ilkinji gezek Braziliýada synag edildi. Bu tehnologiýa 33 ýaşly himik Liwiýa Eberlin tarapyndan işlenip düzüldi. Bu oýlap tapyş San-Pauludaky hassahanada gözlegçiler tarapyndan synagdan geçirilýär. Ruçka görnüşli enjam dokumanyň molekulýar gurluşyny derňeýär we onuň dömme çiş ýa-da sagdynlygyny kesgitleýär.
Bu ruçka operasiýa wagtynda çiş dokumasynyň näsagyň bedeninden doly aýrylandygyny anyklamak üçin kömek edip biler. Bu ýagdaýda himiki derňew usuly ulanylýar: ruçkanyň içi suwdan doldurylandyr, onuň ujy dokuma degende, suwda erän molekulalar alynýar we enjamyň spektrometrine geçirilýär. Ulgam molekulýar profilini maglumatlar bazasy bilen deňeşdirýär we 90 sekundyň dowamynda netije çykarýar.
Oýlap tapyjynyň aýtmagyna görä, gözlegiň birinji tapgyrynda 200-den gowrak dokuma nusgasy seljerildi we keseli anyklamagyň takyklygy 97% boldy. Kliniki synaglar 24 aý dowam eder we 60 sany dömme çişleri anyklamaklyk göz öňüne tutulýar. Olardan 30 sanysy öýkeniň dömme çiş keseli we 30 sanysy bolsa galkan görnüşli mäziň çiş keselidir. Tehnologiýa eýýäm döş, beýni, ýumurtgalyk we prostata çişlerini anyklamak we bejermek üçin ulanyldy hem-de yzygiderli netijeleri görkezdi.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Mekdebiň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň III ýyl 301-nji
toparynyň talyby, Terapiýa dersi boýunça
“Saglyk” gurnagynyň agzasy Ahmedowa Leýla