Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr
70 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 12-sine Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda talyp ýaşlaryň arasynda“Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr.”
atly edebi söhbetdeşlik agşamy geçirildi.
Bu geçirilen edebi söhbetdeşlik agşama mekdebimiziň mugallymlary Joşowa Ý. B,
Wellekowa J. A, Aşyrow T. B. we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Mugallymlar özleriniň çykyşlarynda: Türkmeniň Bitaraplygy halkymyz üçin mukaddeslik derejesine göterilen, Watan düşünjesi ýaly ýüregimiziň töründe öçmez orun alan, türkmeniň milli ahlak hem kanuny ýörelgelerini özünde jemleýän, dünýä jemgyýetçiligi üçin hukuk ýörelgelerini kesgitleýän aňlatmadyr.
Agzybirligi, asudalygy, hoşniýetli gatnaşyklary öňe sürýän bitaraplyk ýörelgeleri ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Bitaraplyk derejesiniň nähili uly bagtdygyna düşünen Türkmenistanyň her bir raýaty üçin bu uly guwanç we buýçançdyr.
Beýik özgerişleriň, tutumly, belent maksatly işleri diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halkymyz amala aşyrýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi hoşmeýilli, ynsanperwer daşary syýasaty,
dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly, dost-doganlykly gatnaşyklary ösdürmekde işjeň ugurlary ýöretmek üçin giň mümkinçilikler açýar. Bu bosa Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ýokary derejede dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Joşgunly ýüreklerimiz “Watan” diýip urýar. Bizde Garaşsyz Bitarap Watanymyza çüňňur söýgi bar, galkynyşly zamanamyza, täze taryhy döwrüň beýik işlerine uly buýsanç bar.
Halkymyzyň eşretli durmuşyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edip, öňe, diňe öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri zyýada bolsun diýip, sözlerini jemlediler.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçisi:
Şemşat TAGANDURDYÝEWA