Şanly ýylyň şöhraty siz, behişdi bedewler
76 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Şanly ýylyň şöhraty siz, behişdi bedewler” atly mekdebimizde amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş eden mugallymlardyr talyplar bedew bady bilen ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan berkarar Watanymyzyň şan –şöhraty, ýyndamlygyň, gözelligiň, wepalylygyň nusgasy bolan türkmen bedewleri, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndaky Ahal-teke atlarynyň waspy, olara goýulýan beýik sarpa barada gyzykly we täsirli gürrüňleri etdiler.Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda badalga berlen beýik başlangyçlar täze üstünlikler, zähmet ýeňişlerine beslenýär. Şeýle ösüşleri, ýeňişleri ýar edinip goý, bu täze ýylda hem Berkarar Watanymyzyň bedew ýyndamlygynda batly depginler bilen beýik işleriniň dowamaty dowam bolsun!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin.
Aýjan BAÝJANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky
Daşoguz lukmançylyk orta
okuw mekdebiniň mugallymy