Merdana pederlerimiziň nusgalyk ýoly
45 Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan şöhratly taryhy bar. Merdana pederlerimiz taryhda edermenligiň, watansöýüjiligiň, il-halaka hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezipdirler. Bu asylly ýörelgeler, merdanalyk ýoly nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän milli ýörelgelerine ygrarlydyr. Arkadagly Gahryman Seradarymyz “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik,zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr”. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde ,olara gymmatly mirasymyzy düşündirmekde biziň mekdebimiziň mugallymlarydyr ,talyp ýaşlary asylly işleri alyp barýarlarYnha bu gün hem, biziň Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebimizde “Miras” gurnagynyň çäklerinde, gurnagyň agzalary we mekdebiň ýaş alymlar geňeşiniň agzalary wirtual görnüşde Aşgabat şäheriniň günorta-günbatarynda ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýiniň miras gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyş boldylar. Onda merdana pederlerimiziň nusgalyk ýoly, ilhalar ynsan, watançy esger, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Watan üçin söweşmegiň, nesillere bilim öwretmegiň beýik ýörelgesini, merdana pederlerimiziň geçen ýoluny, gymmatly maglumatlary öwrendiler. Bu wirtual syýahat ata-babalarymyzyň merdanalyk ýoluny öwrenmekde we wagyz etmekde gymmatly beýany bolup, ony gören gözler her bir adamy haýrana goýýar. Wirtual sergä syýahat mekdebimiziň talyplaryna uly täsir galdyrdy
Güljahan ILAMANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
mugallymy