Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Döwletimiz!
105 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 03-ne Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylykorta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda talyp ýaşlaryň arasynda
“Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Döwletimiz!” atly edebi söhbetdeşlik
agşamy geçirildi.
Bu geçirilen edebi söhbetdeşlik agşama mekdebimiziň mugallymlary Ilamanowa G. M. ,
Aşyrow T. B., Arazmedowa M. J., Galandarowa G. K we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Mugallymlar özleriniň çykyşlarynda: Parahatçylyk – her bir ynsanyň asuda hem abadan
ýaşamagy üçin, nesilleriň bagtyýar geljegi, ýurdumyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä
halklary bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagymyz üçin zerurdyr. Parahatçylyk,
abadanlyk her bir ynsannyň kalbynyň owazy, arzuwlarynyň ganaty. Kalplarda orun alan
bu päkize düşünjäniň özeninde şöhratly geçmişimiz, bagtyýar şu günümiz we nurana
ertirlerimiz bardyr. Türkmen halky parahat durmuşa, dostana gatnaşyklara sarpasyny
hemişe belentde tutýar. Pederlerimiziň watansöýüjilik babatdaky pikirleri taryhymyzda
we edebiýatymyzda giňden şöhlelenýär. Gündogaryň parlak ýyldyzy Magtymguly
Pyragynyň eserleriniň her setirinde azat il, berkarar döwlet, bir supranyň başynda jem
bolmak ýaly dana pikirler ynsan ömrüniň manysy, geljegiň eşreti, ykballaryň çüwmesi,
bolup belende galýar. Ýer ýüzünde ýurt abadançylygyny, parahat durmuşy arzuw
etmeýän ynsan ýok bolsa gerek? Bu päkize düşünje ähli halklaryň jebisleşmegine,
magsatlaryň myrat tapmagyna ýardam edýär. Bitaraplyk halkymyzyň gözüniň göreji
kimin ezizleýän mukaddesligidir. Hemişelik Bitaraplygymyz biziň ajaýyp şu günümiziň
we ak geljegimiziň sakasydyr, binýadydyr. Gahryman Arkadagly we Arkadagly
Gahryman Serdarly ajap döwrümizde bitaraplyk derejesi has baý mazmuna eýe bolup,
dostlary doganlaşdyrýar, doganlara has-da mähribanlaşdyrýar. Gül-gülälekli erkana
Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy ykballara altyn nur
çaýýan baýram bolup düşlesin! Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, goý berkarar
döwletimiziň bagtyýar halky hemişe asuda we parahat durmuşda ýaşasyn, kalplarda orun
alan parahatlyk arzuwy halklary jabisleşdirsin!
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri
uzak, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin diýip, sözlerini jemlediler.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçisi:
Şemşat TAGANDURDYÝEWA