Biz barada
2796Edaranyň ady: Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebi
Ýerleşýän ýeri: Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheri
Açylan ýyly: Gurbansoltan eje adyndaky lukmançylyk mekdebi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş Halk Komissarlar Sowetiniň karary bilen 1932-nji
ýylda açyldy.
Okuw binasynyň gurlan ýyly: Mekdebiň okuw binasy 630
sany talyba niýetlenip, 4 gatdan ybarat bolup,
1984-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen. Mekdebiň umumy
ýaşaýyş jaýy 400 orunlyk 4 gatdan ybarat bolup,
1979-njy ýylda gurlan.
Hünärler: Býujet esasynda
1. Bejeriş işi
2. Şepagatçylyk işi.
3. Saglygy goraýyş– öňüni alyş işi
Tölegli esasda:
1. Bejeriş işi.
2. Şepagatçylyk işi
3. Akuşerçilik işi.
4. Farmasiýa
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk
orta okuw mekdebimizde talyplar “Şepagatçylyk
işi (şepagat uýasy, maşgala şepagat uýasy, hirurgiýa ugurly şepagat
uýasy, pediatriýa ugurly şepagat uýasy kärleri)”, “Feldşer”, “Sanitar
feldşeri”, “Göbek ene”, “Şepagatçylyk işi (Maşgala
şepagat uýasy käri )”,“Farmasewt” hünärleri boýunça bilim
alýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda
amala aşyrylýan özgertmeleri netijesinde lukmançylyk mekdebiniň
okuw-tilsimat binýady has hem kämilleşýär. Saglygy goraýyş
ulgamy üçin zerur bolan hünärmenleri
taýýarlamakda we olara dünýä ülňülerine
laýyk gelýän ylym-bilim bermek maksady bilen,
okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmak hem-de umumy,
tejribe we amaly sapaklaryny netijeli okadar ýaly, häzirki
zaman zerur enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň ençemesi
talyplara hyzmat edýär. Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini
amalyýetde özleşdirmekleri üçin, lukmançylyk dersleri boýunça amaly
okuw sapaklary we tejribelikleri welaýatyň köpugurly
hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş, Ene
mähri merkezlerinde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Daşoguz Saglygy
goraýyş anyklaýyş merkezinde, Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkezinde, Daşoguz
welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda,
Narkologiýa, Onkologiýa, Deri-wenerologiýa, Inçekesel, Psihonewrologiýa
hassahanalarynda, № 1,2,3 Saglyk öýlerinde, Kazyýet lukmaçylygy
edarasynda ýokary hilli derejede geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamy üçin zerur bolan ýaş
hünärmenleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipelerini iş
ýüzünde ýerine ýetirmekde lukmançylyk mekdebimizde 37-den gowrak
ýokary bilimli mugallymlar döredijilikli zähmet çekýärler.
Lukmançylyk mekdebimizde ýörite orta bilimli hünärmenleriň bilim
derejesini kämilleşdirmekde hem uly işler alnyp barylýar. Her ýylda orta
bilimli hünärmenleriň 300-e golaýy öz hünärleri boýunça bilim
derejelerini kämilleşdirýärler. Bu ýerde şu wagta çenli lukmançylygyň
dürli ugurlary boýunça 17000-e golaý uçurym ygtybarly hünär edindi. Lukmançylyk
mekdebimiziň uçurymlary Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzyň dürli künjeklerinde
zähmet çekýärler.
Okuw binanyň Salgysy: Daşoguz şäheriniň Garaşsyzlygyň
10 ýyllygy köçesiniň 17-nji
jaýy
Umumy ýaşaýyş jaýynyň salgysy: Daşoguz
şäheriniň Ruhnama köçesiniň 67-nji
jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (800 322) 2-21-64; 2-21-19; 2-21-17
Faks belgisi: (800 322) 2-21-19;
E-poçta salgysy: dloom@online.tm
Web saýty: dloom.edu.tm