KIÇIJIK LUKMAN ÝÜREGI.

2364

Heniz mekdepde çagalyk ýyllarym ejemiň köp wagty iş bilen geçerdi. Ol mekdepde
çagalara bilim we terbiýe berýärdi.
Şonuň üçin bize köplenç atam  serederdi. Ol bize köp
gyzykly wakalary,
rowaýatlary aýdyp bererdi. Bir  gün atam maňa ”Gyzym sen hem ulalaňda ejeň, kakaň ýaly
mugallym
bolup, olaryň yzlaryny dowam etdirersiň?,, diýdi. Ýöne mende
lukman bolmak arzuwy bardy...



 Aýdyşlaryna görä, nesibe
durmuşdan ykbalymyza ýetýän paý.
Ynsanyň nesibe bijesi şowly ýa-da şowsuzlyga duş
gelýär.
Ýogsa-da şowly ýa-da şowsuz nesibe nämä bagly? Elbetde, öz
hereketlerimize,
ädimlerimize bagly. Ädimler
nirä ätse jogaby hem şonuň miwesi hasaplanýar.



  Meniň arzuwlarym maşgalamyň
alkyşlary bilen,
meniň kärime bolan yhlasymy has-da artdyrdy we saýlap
alan kärimiň eýesi bolmagyma esas boldy.
Hawa, maňa lukmançylyk
mekdebiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi.
Häzirki  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly
Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eşretli durmuşda ýaşamaga,
okamaga, döretmäge
giň mümkinçilikler döredilen.
Men okuwymdan boş 
wagtlarym mekdebimiziň
''Bagtyýarlyk'' gurnagyna gatnaýaryn. Hormatly
Prezidentimiziň ýaşlykdan ylym bilen meşgullanar ýaly döredýän mümkinçiliklerinden  ugur alyp biz hem mekdepde hereket edýän
gurnaklarda taryhy maglumatlar esasynda we internet ulgamyndan täze
maglumatlary öwrenmek bilen bilimimizi has-da artdyryp,
ylmyň
ilkinji basgançaklaryna gadam basýarys.
Mugallymlarymyzyň bolsa her
bir sapagy giňişleýin düşündirip geçmegi,
lukmançylygyň inçe syrlaryny
öwrenip onuň ynsan saglygy ömri bilen baglanyşyklydygyny nygtamaklary biziň
has-da gowy okamagymyza itergi berýär.
Yhlasly ädilen her bir ädim
bolsa,
diňe gowulyklara we üstünliklere uzaýan ýol bolup
durýar.
Okamaga,öwrenmäge bolan erjelligim, ylma bolan
teşneligim maňa Kärdeşler Arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi bolmak bagtyna
ýetirdi.
Men özümi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar
talyby saýýaryn.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde biz ýaşlara döredip
berilýän mümkinçilikler üçin alkyşlarymyz çäksizdir.
Şeýle  ajaýyp şertlerden peýdalanyp, saýlap
alan  hünärim boýunça kämil bilim alyp,
okuwymdan
daşary aýdym-saz,
sport we çeper döredijilik bilen meşgullanyp, Hormatly
Prezidentimiziň biz ýaşlara bildirýän ynamyna mynasyp ýaşlar bolup
ýetişjekdigime,
watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda edilýän işlere öz
goşandymy goşjakdygyma,
geljekde işine ussat hünärmen bolup, halkymyza
süýji dilli,
ak ýüreden hyzmat edip, hemme
ynsanlaryň saglygyny goramak we dikeltmek,
elimden
gelen kömegi bermek ýaly özüme şeýle uly jogäpkärçiligi alyp işlejekdigime
ynandyrasym gelýär.



Pursatdan peýdalanyp, bizi baky bagta ýetiren, halkymyza
eşretli durmuşy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüni
peşgeş beren
Hormatly
Prezidentimiziň
jany sag, ömri uzak, tutumly
işleri mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýärin.



Baýramowa B.

Daşoguz lukmançylyk mekdebiniň talyby,

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi.





Paýlaş

Biz barada

Heniz mekdepde çagalyk ýyllarym ejemiň köp wagty iş bilen geçerdi. Ol [...]

Sport

Heniz mekdepde çagalyk ýyllarym ejemiň köp wagty iş bilen geçerdi. Ol [...]

Sanly bilim

Heniz mekdepde çagalyk ýyllarym ejemiň köp wagty iş bilen geçerdi. Ol [...]

Kitaphana

Heniz mekdepde çagalyk ýyllarym ejemiň köp wagty iş bilen geçerdi. Ol [...]

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19