Ustünligiň aýdyň ýoly.
2157Watanymyzyň geljegi bolan
ýaşlara berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, mazmununy çuňlaşdyrmak babatda
uly işler amala aşyrylýar. Muňa orta we ýokary mekdepleriň maddy-enjamlaýyn
binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda häzirki zaman tehnologiýalaryň
ornaşdyrylmagy, talyplaryň döwrebap komýuterlerden peýdalanmagyna ähli
şertleriň döredilmegi, okatmagyň döwrebap usullarynyň girizilmegi aýdyň
mysaldyr.
Türkmen halkynyň milli bilim-terbiýe
ulgamy çuňňur pähim-paýhasy kemala getirmegiň esasynda jemgyýeti
jebisleşdirmegi, şonuň netijesinde-de onuň ähli döredijilik kuwwatyny ösüşe,
abadançylyga gönükdirmegi maksat edinýär. Halkyň bilim terbiýe däplerinde
ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk, sagdyn ýörelgelere eýermek,
birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.
Ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemäge ukyply
häzirki zaman bilim ulgamy halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyň esasy çeşmesi
hasaplanylýar.
Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda
amala aşyrylýan innowasion ösüşe laýyklykda, bilim bermegiň ähli
basgançaklaryny ýokary hili elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek,
sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny
baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek boýunça
uly işler alnyp barylýar.
Häzirki zaman innowasion tehnologiýalary
we öňdebaryjy tehniki enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk mekdebimiziň ders
otaglarynda mugallymlarymyz sapaklaryny ylymyň soňky gazananlarynda we dünýä
tejribesinde guraýarlar. Şu jähetden, biziň ýurdumyzda ylmyň gapysy giňden
açykdyr. Ylym indi hakykat ýüzünde halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň
ygtybarly serişdesine öwrüldi.
Okuw maksatnamalarynyň mazmunynyň
döwrebaplaşdyrylmagy, okuw enjamlarynyň we serişdeleriniň peýdalanylmaga
berilmegi Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ösüp gelýän ýaş nesil barada
döwletimiziň edýän aladasydyr. Ýaşlar baradaky aladanyň öz oňyn netijesini
berýändigi guwandyryjydyr. Mekdebimiziň zehinli ýaşlary halkara derejesinde
geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp
bolýarlar. “Halkyň Arkadagly zamanasy”şygary astynda geçýän ýylynda 2-4-nji maý aralygynda Türkmenistanyň
orta hünärli okuw mekdepleriniň arasynda Döwlet derejesinde internet boýunça
geçirilen bäsleşiginde Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersiniň
mugallymy Täzebaý Aşyrowyň “Bejeriş işi”
hünäriniň 311-nji toparynyň talyby Kalandarow Agabek, Iňlis dili dersiniň mugallymy
Li.W.W “Şepagatçylyk işi” hünäriniň 102-nji toparynyň talyby Nurjanowa Şahnoza,
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak dersiniň mugallymy Almagül Ýazdurdyýewanyň “Şepagatçylyk işi” hünäriniň 621-nji toparynyň
talyby Döwletmyradowa Sahra dagylaryň III-ýeri eýelemegi onuň aýdyň
subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny
ösüş-özgerişliklere nazarladýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, beýik
işleri üstünliklere beslensin!