Dalaşgärlere giňden maglumat

3872



GURBANSOLTAN EJE ADYNDAKY DAŞOGUZ LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI

 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

 

I. Býujet esasynda

1. Şepagatçylyk işi.

II. Tölegli esasda:

1. Bejeriş işi.

2. Şepagatçylyk işi

3. Akuşerçilik işi.

Lukmançylyk mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

okuwa dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara basleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

pasportyny;

harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş  şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp  resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i-awgust aýynyň 2-i, 3-4-i we 6-sy günlerinde Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Daşoguz şäherinde) geçirilýär. 

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.  

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. 


Gurbansoltan eje adyndaky  Daşoguz lukmançylyk orta okuw

mekdebiniň salgysy Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17,   tel.: 2-21-64, 2-21-19.


Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19